Çikagodaky Raş uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň alymlary ömrüň dowamynda yzygiderli akyl işjeňligini saklamak demensiýa töwekgelçiligini ep-esli peseldip, hatda onuň ýüze çykmasyny yza-da tesdirip bilýär diýen netijä geldiler diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ylmy işiň awtorlarynyň maglumatlaryna görä, kitap okamak, ýazmak we dil öwrenmek akyl-huş bilen bagly keselleriň howpunyň takmynan 40% azalmagy bilen gönümel baglanyşyklydyr. Bu netijäni almak üçin hünärmenler 8 ýylyň dowamynda ortaça ýaşy 80 töweregi bolan 1939 sany adama gözegçilik etdiler. Gatnaşyjylar çagalykdan tä garrylyga çenli öz alyp baran akyl işjeňlikleri barada gürrüň berdiler. Gürrüňlerde hususan-da öýde kitaplaryň we gazetleriň okalmagy, muzeýlere barmak, kitaphanalardan peýdalanmak hem-de täze diller öwrenmek ýaly görkezijiler hasaba alyndy. Alsgeýmer keseli akyl taýdan iň işjeň toparyň 21%-inde ýüze çykdy. Aň işlerine az wagt sarp edýänleriň arasynda bolsa bu görkeziji 34%-e deň boldy. Hatda adamyň ýaşy, jynsy we bilim derejesi nazarda tutulan halatynda hem keselleme howpy 38%-den pes bolup çykdy. Şeýle-de, keseliň başlaýan ýaşynda hem tapawutlar ýüze çykdy. Şoňa görä, akyl taýdan işjeň adamlarda demensiýa ortaça 94 ýaşda, beýlekilerde bolsa 88 ýaşda başlapdyr. Ýeňil kognitiw bozulmalar bolsa degişlilikde 78 ýaşyň deregine 85 ýaşda ýüze çykypdyr. Awtorlar bu barlagyň kesel bilen akyl işjeňliginiň arasyndaky baglanyşygy görkezýändigini we onuň takyk sebäbi däldigini belleýärler. Şonun bilen birlikde, alymlar maglumatlaryň takyklygyna täsir edip biljek delil hökmünde garry adamlaryň öz çagalygy baradaky ýatlamalaryna esaslanandyklaryny nygtaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir