ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) 2009-njy ýylda Prezident Barak Obamanyň döwründe parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen kabul edilen karary ýatyrdy. CBS News neşiriniň habar bermegine görä, indi awtomobil öndürijileri ulaglarynda "start-stop" ulgamyny ulanandyklary üçin ekologik bonuslary we ýeňillikleri alyp bilmezler. Agentlik täze kararyň parnik gazlary boýunça öňki ähli standartlary we awtokonsernlere berilýän ýeňillikleri ýatyrýandygyny takyklady. Şu wagta çenli kompaniýalar, esasan hem "start-stop" ulgamyny gurnandyklary üçin dürli ekologik ýeňilliklerden peýdalanyp gelýärdiler. "Start-stop" ulgamy näme we sürüjiler oňa nähili garaýar? Bu ulgam ýangyç tygşytlamak we zyňyndylary azaltmak üçin niýetlenendir. Ulag gysga wagtlyk saklananda (meselem, swetoforda) hereketlendirijini awtomatiki öçürýär we sürüji tormozdan aýagyny çekende gaýtadan işledýär. Geçirilen barlaglar sürüjileriň aglabasynyň bu ulgama negatiw garaýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda sürüjiler her gezek ulagy işledenlerinde bu ulgamy el bilen öçürmeli bolýarlar. "Start-stop" ulgamyndan gysga wagtyň içinde doly ýüz öwürmek mümkin däl. Sebäbi bu ulgamyň işlemegi üçin eýýäm güýçlendirilen starterler, generatorlar we akkumulýatorlar ulanylýar. Emma öndürijilere berilýän bonuslaryň ýatyrylmagy bilen öndürijiler ulgamyň işleyiş algoritmini üýtgedip, sürüjilere ony hemişelik öçürmäge mümkinçilik berip bilerler. Bonuslar bolmasa, käbir model we markalarda bu ulgamdan doly ýüz öwrülmegi hem mümkindir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir