Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Resul Annaçaryýewiç Myradowy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Şol bir wagtda Myradow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutany degişli resminamalara anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Maglumat hökmünde ýatlatsak, geçen ýylyň iýul aýynda konserniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Ataýewiň üstüne ýüklenilipdi. Prezidentiň Karary bilen, ol bu wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanynyň ýene bir Karary bilen, Durdyýew Atamyrat Halmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.