13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama «ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen» gol çekildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işi bes edilip, onuň binýadynda täze ministrlik döredilýär. Bu edara işi bes eden agentligiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi. Awtomobil ýollary ministrligine bir aý möhletde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň, merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, işgär sanyny we ýolbaşçylaryň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle hem olar Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklipleri hödürlemelidir. Döwlet Baştutanynyň aýratyn Permany bilen, ozal Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine ýolbaşçylyk eden Hangeldi Kerimow awtomobil ýollary ministri wezipesine bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir