Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda welaýat merkezi bolan şäherleriň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda: Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Artyk Çaryýewiç Bäşimow Mary şäheriniň häkimi wezipesine bellenip, ol Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Guwanç Hemrakulyýewiç Bazarow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Erkin Ýaňybaýewiç Açylow bu wezipä bellenip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Amangeldi Isaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Nyýazjan Baýramberdiýewiç Nyýazjanow bu şäheriň häkimi wezipesine bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Jumanar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Didar Annamämmedowiç Meredow bu wezipä bellenildi.