Türkmenistanda 2026-njy ýylyň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär. Resminama laýyklykda, nahal ekmegiň möçberleri aşakdaky ýaly paýlanyldy: Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, şeýle hem beýleki edaralar — 1,5 million düýp nahal; Welaýatlaryň häkimlikleri — 1,5 million düýp nahal. Karar miweli bag we üzüm nahallaryny ýörite kesgitlenen ýer böleklerinde olaryň görnüş aýratynlyklaryna görä ekmegi göz öňünde tutýar. Ekilen nahallara ideg etmek üçin damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň ulanylmagy hökmany şert hökmünde bellenildi. Daşky gurşawy goramak ministrligi işleri utgaşdyrmak we hile gözegçilik etmek boýunça jogapkär edara diýlip bellenildi. Bu ministrlige edara-kärhanalary ýeterlik mukdarda üzüm we üç ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek tabşyryldy. Ýatladyp geçsek, hökümet mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany Daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze ýolbaşçysyny hem wezipä belledi.