Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat. Interesting Engineering neşiriniň maglumatyna görä, Hytaýyň Demirgazyk-günbatar politehniki uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen bu enjam geçen ýylyň dekabr aýynda ýöriteleşdirilen eksperimental platformanyň kömegi bilen orbita ugradylypdy. Beýni işjeňligini okaýan ulgam, kosmos uçuşynyň agyr şertlerine garamazdan, durnukly işlemegi başardy. BCI enjamy adamyň organizmindäki biologik suwuklyklary ýatladýan emeli gurşawa ýerleşdirildi. Şeýle şertlerde enjam elektroensefalografik (EEG) signallary yzygiderli ýygnamagy dowam etdirdi. Geçirilen synag enjamyň berkligini we päsgelçilikleriň derejesini seljermäge mümkinçilik berdi. Netijeler neýroelektronikanyň Ýer şaryndan daşarda hatardan çykmaýandygyny görkezdi. Gözlegçileriň aýdyşy ýaly, bu synagyň netijeleri beýniň wakuum şertlerine nähili uýgunlaşýandygyny öwrenmek üçin täze ýollary açýar. Şeýle hem onuň üsti bilen kosmosda elektrodlaryň durnuklylygy barada ilkinji gezek anyk sanly maglumatlar alyndy. Bu bolsa mikrograwitasiýanyň neýron nusgalaryna ýetirýän täsirini yzarlamaga kömek eder. Heniz synagyň haýsy platformada geçirilenligi we ulgamyň gurluşy baradaky jikme-jik maglumatlar doly mälim edilmedi.