Täzelenen Mercedes-Benz S-Class modeliň 54 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek oturgyçlaryny deri (koža) bilen däl-de, mata bilen bezemek mümkinçiligini hödürleýär. Bu täze opsiýa häzirki wagtda Germaniýanyň onlaýn konfiguratorynda ulagyň binýatlyk dizel wersiýasy bolan S350d üçin elýeterli edildi. Täze örtük diňe bir ýönekeý mata däl-de, eýsem ýokary hilli materiallaryň garyndysydyr. Ol tebigy lýon matasyndan we gaýtadan işlenen poliesterden ybarat. Oturgyçlaryň merkezi bölekleri matadan, gapdallary bolsa "Artico" emeli derisinden taýýarlanyldy. Näme üçin mata deriden gymmat? Garaşylmadyk ýagdaý bolsa-da, bu "ýönekeý" diýilýän salon standart deri salondan has gymmat düşýär. Awtoulag goşmaça tölegsiz, gara deri salon bilen üpjün edilýär. Mata bezegli salony saýlamak üçin ulanyja 1856 ýewro goşmaça çykdajy etmeli. Nemes öndürijisi mata bezegini diňe ýörite bukja bilen bilelikde hödürleýär. Bu bukja bolsa yzky oturgyçlaryň elektrik arkaly dolandyrylmagy we ýatda saklaýyş funksiýalary degişlidir. Netijede, Mercedes-Benz ekologiýa we durnuklylyga gönükdirilen bu täze görnüşini has ýokary derejeli diýip yglan edýär.