Emeli aňyň (EA) lukmançylyk ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen bagly näsazlyklar, nädogry anyklaýyşlar we hassalaryň şikeslenmegi baradaky habarlar barha köpelýär diýip, Reuters habarlar agentliginiň çap eden materialynda aýdylýar. Degişli gözegçilik edaralary we kazyýetler bu mesele boýunça hasabatlary has ýygy-ýygydan hasaba alyp başladylar. Žurnalistler bu ýagdaýa mysal hökmünde burun boşluklaryndaky operasiýalar üçin niýetlenen TruDi nawigasiýa ulgamyny getirýärler. 2021-nji ýylda Acclarent kompaniýasy bu enjama maşyn öwreniş algoritmlerini goşdy. Kompaniýanyň pikiriçe, bu algoritmler lukmanlara operasiýa wagtynda has takyk ugur tapmaga kömek etmelidi. Emma bu täzelenmeden takmynan üç ýyl soň, enjam bazardan yzyna alyndy. FDA-nyň (ABŞ-nyň iýmit we derman serişdelerine gözegçilik edarasy) berýän maglumatlaryna görä, enjamda diňe 7 sany tassyklanmadyk näsazlyk we 1 sany şikeslenme habary bardy. Regulýator azyndan 100 sany näsazlyk we garaşylmadyk waka barada habar aldy. 2025-nji ýylyň noýabr ayyna çenli azyndan 10 adam agyr şikes aldy. Käbir ýagdaýlarda kellesiniň düýbüniň zeperlenmegi, oňurga suwuklygynyň syzmagy we hatda insult ýaly ýagdaýlar hasaba alyndy. Enjamlary öndürijiler emeli aň bilen şikeslenmeleriň arasyndaky göni baglanyşygy ret edýärler. Integra LifeSciences kompaniýasy: "TruDi enjamyndaky EA tehnologiýasy bilen bolup geçen şikeslenmeleriň arasynda hiç hili ynandyryjy subutnama ýok" diýip bildiriş ýaýratdy. Emma ylmy barlaglar başga bir hakykaty görkezýär. JAMA Health Forum žurnalynda çap edilen barlaga görä, ABŞ-da emeli aňly azyndan 1357 sany lukmançylyk enjamy tassyklanan. Şeýle enjamlaryň 43%-i tassyklanandan bir ýyl geçmänkä bazardan yzyna alynýar. Bu görkeziji adaty lukmançylyk enjamlary bilen deňeşdirilende iki esse ýokarydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir