The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär. Azot dioksidi (NO₂) diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem adam saglygyna hem göni zeper ýetirýär. Ol demgysma (astma) we dowamly bronhit, ýürek-damar keselleri, insult (beýni gan aýlanyşygynyň bozulmagy) ýaly keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. 2019–2023-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlara görä, köçelere goşulan her 200 sany elektrik ýa-da gibrid ulag howadaky NO₂ mukdaryny ortaça 1,1% azaltdy. Seljerme geçirmek üçin alymlar Kaliforniýa ştatyny 1692 etraba böldüler we hemra arkaly howanyň düzümini yzygiderli gözegçilikde sakladylar. Alymlar seljermeden pandemiýa ýyly bolan 2020-nji ýyly aýyrdylar we benziniň bahasyndaky üýtgeşmeleri, uzak aralykdan işlemegiň täsirini hasaba aldylar. Benzinli ulaglaryň köpelen etraplarynda zyýanly gazlaryň derejesiniň artandygy anyklandy. Hemra arkaly alnan maglumatlar ýerüsti barlaghanalaryň ölçegleri bilen doly gabat geldi. Täze satylan awtoulaglaryň arasynda elektrik modelleriň paýy 2%-den 5%-e çenli ýokarlandy. Barlagyň awtorlarynyň çaklamasyna görä, elektrik ulaglara doly geçilse, ABŞ-da NO₂ derejesi 61% azalar; Hytaýda bolsa bu görkeziji 30%-80%-e çenli aşak düşer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir