Italiýanyň Torre-Lapillo kurort şäherçesinde 57 ýaşly bir adam içinde takmynan 120 müň ýewrolyk 20 sany altyn bölekleri bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu täsin waka barada RMF24 portaly habar berýär. Bu adam ýyllarboýy ýygnan puluna yzygiderli altyn satyn alypdyr. Olary adaty bir demir gutynyň içinde saklaýan eken. Öýi ýygnaşdyrýan wagty, şol guty tötänlikde adatdakysyndan başga ýerde goýlupdyr. Netijede, ol beýleki öý zibilleri bilen bilelikde zibilhana äkidilipdir. Ol adam gymmatlyklarynyň ýokdugyny diňe ertesi gün aňyp, derrew polisiýa ýüz tutupdyr. Polisiýa işgärleri wideogözegçilik kameralarynyň kömegi bilen gutynyň dogrudan hem zibil konteýnerine taşlanandygyny tassykladylar. Emma wagt eýýäm giçdi: zibil ulagy gelip, ähli zibilleri Udžento şäherindäki uly zibilhana äkidipdir. Zibilhanada giň gerimli işler başlanypdyr. Ýörite gulluklar, agyr tehnikalar we tonnalap hapalar dörülipdir. Netijede, ol adamyň bagtyndan guty tapylypdyr. 20 sany altyn böleginiň ählisi hem gutynyň içinde eken. Bu waka zibilhananyň gymmatly zatlaryň ammaryna öwrülen ýeke-täk ýagdaýy däl. 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Edmonton şäherindäki galereýadan bäş sany gymmat bahaly surat, şol sanda Žan-Pol Riopeliň 50 müň dollarlyk eseri ýitipdi. Olar 4 ýyllap tapylmady. 2025-nji ýylda bir nätanyş adam şol suraty Nýu-Ýorkdaky auksionda satmaga synanyşdy. Ol suraty zibilhanadan tapandygyny we şu wagta çenli öýünde, şkafyň içinde saklandygyny aýtdy. Polisiýanyň ogurlyk baradaky hasabatyny göreninden soň, ol suraty hiç hili jedelsiz ätiýaçlandyryş kompaniýasyna gowşurypdyr.