Apple kompaniýasy AirPods gulaklyklary üçin düýpli täzelemeleri taýýarlaýar. Gulaklyklaryň indiki modeli Face ID ulgamynda ulanylýan kameralaryň kämilleşdirilen görnüşi bolan infragyzyl kameralar bilen enjamlaşdyrylar. TF International Securities-iň analitigi Ming-Çi Kuonyň habar bermegine görä, täze kameralar selfi düşürmek üçin däl-de, eýsem gulaklyklaryň daş-töweregi «görüp», eliň yşaratlaryna jogap bermegi üçin hyzmat eder. Täze AirPods gulaklyklary Vision Pro äýnekleri we Apple-yň geljekki enjamlary bilen doly utgaşykly işlär. Bu hem öz gezeginde giňişlikdäki sesiň has gowy kabul edilmegine mümkinçilik döreder. Mysal üçin, Vision Pro-da wideo görýän wagtyň kelläňi haýsydyr bir tarapa öwürseň, şol tarapdan gelýän ses güýçlenip, ony has aýdyň eşitmäge kömek eder. Gulaklyklar üçin infragyzyl datçikleri Foxconn kompaniýasy öndürer. Meýilnama boýunça ýylda 18–20 million datçik öndüriler, diýmek, takmynan 9–10 million jübüt gulaklyk çykarylmaly. Analitik bu täzeligiň gulaklyklaryň esasy görnüşinde däl-de, eýsem AirPods Pro modelinde boljakdygyny-da belledi. Bu täze tehnologiýa Apple-yň giňişleýin hasaplamalar ulgamyndaky ornuny berkitmäge we ses hem-de hereket arkaly dolandyryşda ulanyjy tejribesini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir