26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary. Latyn Amerikasynyň öwüşgini: «Kokonyň syry» multfilminiň äheňinde ýatdan çykmajak sazly syýahat. Maşgala jadysy: Meşhur «Enkanto» multfilminden Madrigal öýüniň atmosferasyna aralaşmak. Degişme we nostalgiýa: «Şregiň» başdangeçirmelerinden iň söýgüli sazlar. Joşgunly ritmler: «Keý-pop arwah awçylary» multfilminiň güýçli energiýasy. Syrly we garaşylmadyk pursatlar: Häzirkizaman şoularynyň muşdaklary üçin «Uensdeý» we «Gaty geň zatlar» seriallarynyň saundtrekleri ýaňlanar. Tahyr Ataýewiň orkestri nusgawy saza özboluşly çemeleşmesi bilen tanalýar. Her bir konsert janly ýerine ýetirişi we şou-elementlerini özünde jemläp, çykyşy hem çagalar, hem ulular üçin gyzykly edýär. Geçirilýän ýeri: Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry. Wagty: 26-njy we 27-nji fewral, sagat 19:00. Petekler boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 55-90-15 / +993 62 53-28-71

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir