GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Robotaksi daşky görnüşi boýunça adaty bZ4X modelinden tapawutlanmaýar diýen ýaly. Ol Toyota-nyň häzirkizaman stilinde ýerine ýetirildi. Esasy täzelik ulagyň içinde gizlenýär: awtomobil Hytaýyň iri şäherlerinde — Pekinde, Şanhaýda, Guançžouda we Şençžende geçirilen köpýyllyk synaglaryň netijesinde döredilen Pony.ai-yň hasaplaýyş platformasy arkaly dolandyrylýar. Işläp düzüjileriň bellemegine görä, täze ulgam çylşyrymly ýol ýagdaýlaryndan we howa şertlerinden has gowy baş çykarýar. Toyota we Pony.ai kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy 2020-nji ýylda, ýapon ägirdiniň bu taslama, takmynan, 341 million ýewro maýa goýmagy bilen başlandy. Mundan ozal Pony.ai-yň awtonom taksileri üçin Toyota we Lexus markalarynyň Sienna we RX450h ýaly modelleri ulanylypdy. Hyzmatdaşlar taslamanyň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär: 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň uly şäherleriniň ýollaryna müňlerçe bZ4X robotaksisi çykar. Pony.ai-yň awtonom ulaglar parky 2024-nji ýyldaky 200 sany ulagdan 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1 000-e ýetdi, 2026-njy ýylda bolsa 3 000-e ýetmek göz öňünde tutulýar. Uzak möhletli geljekde bolsa kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz parkyny 100 000 ulaga ýetirmegi we girdeji gazanyp başlamagy maksat edinýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir