12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäherinde) Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Iki tarapyň hem özara hormata esaslanýan netijeli gepleşikleri berkitmäge çalyşýandygy nygtaldy. Halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çägindäki bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerini hem maslahatlaşdy, şeýle hem şu ýyl geçiriljek bilelikdäki çäreler barada pikir alyşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir