Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylymda halkara hyzmatdaşlygy — ählumumy ösüşiň möhüm şerti» atly ylmy-amaly onlaýn maslahat geçirildi. Forum türkmen ýokary okuw mekdebi bilen Graz tehniki uniwersitetiniň (Awstriýa) Elektronika institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetler bilen bilelikde guraldy. Çäräniň maksady halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezmekden we onuň amaly netijeliligini maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şoňa görä-de, maslahatyň dowamynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň mysalynda iki uniwersitetiň alymlarynyň bilelikdäki ylmy barlaglarynyň üstünlikli netijeleri giň ylmy jemgyýetçilige hödürlendi. Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt okuw edaralary bilen hyzmatdaşlyga açykdygy, munuň bolsa iň döwrebap tejribeleri ornaşdyrmaga, milli ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Ylalaşyklar talyplaryň we mugallymlaryň özara tejribe alşygyny, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny, bilelikdäki taslamalary we barlaglary öz içine alýar. Tanyşdyryşlar ylmyň şu günki möhüm ugurlaryna degişli boldy: enjamlaryň elektromagnit şöhlelenmesini uzak aralykdan anyklamak, elektrostatik zarýad beriş ulgamlary üçin elektrik zynjyrlaryny işläp taýýarlamak, spiral antennalar, mikrotolkunly golografiýa, elektromagnit meýdanynyň datçikleri we radiotolkunlaryň ýaýraýşy. Forumyň jemleri boýunça hyzmatdaş uniwersitetler durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady we ylym-bilim ulgamynyň esasy ugurlarynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.