Stambul şäherinde türki dünýäsiniň teatr sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Anadolu gazeti tarapyndan bilelikde guraldy. Dabarada gurama agza ýurtlaryň medeniýet wekillerine baýraklar gowşuryldy. «Iň gowy aktýor» diýen abraýly baýraga Türkmenistanyň at gazanan artisti, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýew mynasyp boldy. Oňa ýörite ýadygärlik nyşanyny TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Seýit Ýusuf gowşurdy. Dabarada çykyş eden Batyr Çaryýew Türkmenistanda döredilýän giň mümkinçilikleriň türkmen sungatynyň ösmegine ýardam edýändigini belledi. Ol Watanyna bagyşlanan goşgyny okap, özüniň ýokary ussatlygy bilen dabaranyň gatnaşyjylarynyň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.