BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi. 9-njy fewralda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilen duşuşyk ýer we suw serişdeleriniň sanly gözegçiligi arkaly howa durnukly tejribeleriň gerimini giňeltmäge bagyşlandy. Bu çäre BMGÖM-niň «Aral deňziniň basseýninde köp sanly peýdalary almak üçin ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde guraldy. Oňa döwlet edaralarynyň, ylmy-barlag guramalarynyň, goralýan ýerleriň dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda esasy üns Amyderýanyň basseýninde ekoulgamlary dikeltmäge, batgalyk-suwly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga we sanly tehnologiýalar hem-de ylmy usullar arkaly ýerleriň degradasiýasynyň bitaraplygyny (LDN) öňe sürmäge gönükdirildi. «Türkmenistan ylmy maglumatlary ýygnamak arkaly möhüm ornitologik meýdançalaryň (IBA) gözegçiligini giňeldip, Ramsar konwensiýasy boýunça öz borçlaryny berjaý edýär. Tebigy goraghanalarymyzy güýçlendirmek we ýöriteleşdirilen gerbariý toplumlaryny döretmek bilen, biz batgalyk-suwly ýerlerimiziň halkara biodürlülik we ýerleriň degradasiýasynyň bitaraplygy standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýäris» — diýip, Ramsar konwensiýasynyň milli utgaşdyryjysy Rüstem Nuryýew belledi. Gatnaşyjylar milli hereketleri halkara ylalaşyklary bilen utgaşdyrmagyň ýollaryny, batgalyk-suwly ýerleri gorap saklamagyň usullaryny, hasabatlylygy güýçlendirmegi we tebigaty goramak işiniň hukuk goldawyny maslahatlaşdy. Sagdyn ekoulgamlaryň biodürlülik, howa durnuklylygy, azyk howpsuzlygy we ýerli ilatyň durmuşy üçin ähmiýeti aýratyn nygtaldy.