LEGO kompaniýasy aşyklar güni mynasybetli möwsümleýin aksiýasyny yglan etdi: 80 dollardan ýokary mukdarda haryt satyn alan müşderilere «Aşyk pingwinler» toplumy sowgat berilýär. Bu toplumyň düzümine ýürek görnüşli galypda ýerleşdirilen iki sany pingwin şekili girýär. Gahrymanlar hökmünde pingwinleriň saýlanyp alynmagy — bu jandarlaryň öz taýy bilen bütin ömrüne bile ýaşap, wepalylygyň nyşany hasaplanýandyklary bilen baglydyr. Şekilleriň kelleleri we ganatlary hereket edýär. Toplumda pingwinleriň biri-birine «sowgat berýän» kiçijik daşy we balygy hem bar. 278 bölekden ybarat modeliň taýýar görnüşiniň beýikligi 14 santimetrden hem artyk, ini we çuňlugy bolsa 10 santimetre deňdir. Mundan başga-da, LEGO eýýäm mart aýynyň 1-ine satuwa çykaryljak «Ýüzüp barýan deňiz gunduzlary» atly täze toplumyny hem tanyşdyrdy. Onuň bahasy 119,99 dollar bolar. Bu toplum 1234 bölekden ybarat bolup, olar arkaly beýikligi takmynan 8 santimetr, uzynlygy bolsa 30 santimetr bolan kompozisiýany gurup bolýar. Onda garnyna çagasyny alyp, arkan ýüzüp barýan ene deňiz gunduzynyň örän owadan görnüşi şekillendirilýär.