Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir. Indiana uniwersitetiniň neýrobiology Karin Harman Jeýms el bilen ýazmagyň beýniniň işini klawiaturada tekst ýazmakdan has işjeňleşdirýändigini belleýär. Geçirilen synaglaryň birinde, harplary el bilen ýazan çagalaryň beýnisinde okamak bilen bagly zolaklaryň işjeňleşendigi ýüze çykaryldy. Kompýuterde ýazan çagalarda bolsa şeýle ýagdaý hasaba alynmady. Norwegiýanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetinden Odri wan der Meýer hem meňzeş netijä geldi. Onuň düşündirişine görä, el bilen ýazylanda çylşyrymly hereket nusgalary emele gelýär, klawiaturada bolsa diňe barmaklaryň birmeňzeş hereketleri gaýtalanýar. «Häzir mugallymlar hatda galam tutmagy hem başarmaýan çagalaryň mekdebe gelýändiginden şikaýat edýärler» diýip, ol muny mysal arkaly delillendirýär. Bilim ulgamyny öwrenýän alym Wirjiniýa Berninger otuz ýyl bäri el ýazuwyny öwrenýär. Onuň barlaglarynda dördünji synpa çenli el ýazuwy bilen meşgullanan çagalaryň beýlekilerden has çalt ýazmagy başaryp, orfografik ýalňyşlary-da az goýberyändikleri belli boldy. Şeýle-de, el bilen ýazmak ünsüň jemlenmegine we barmaklaryň ownuk motorikasynyň ösmegine ýardam edýär. Wan der Meýer beýniniň «ulanyň, ýogsa ýitirersiňiz» diýen ýörelge esasynda işleýändigini ýatladýar. Şonuň üçin hem barmaklaryň hereketini yzygiderli türgenleşdirmek möhümdir. «Meniň pikirimçe, el ýazuwy biziň medeni mirasymyzyň bir bölegidir. Geljekki nesiller söýgi hatlaryny, goşgulary ýa-da iň bolmanda, satyn almaly harytlarynyň sanawyny el bilen ýazmagy başarmalydyr» diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirýär.