XIX asyryň ahyrynda Tomas Edison iş edinip, lampalaryň has uzak wagtlap ýanmagynyň ýollaryny gözledi. Aradan takmynan 150 ýyl geçensoň, alymlar onuň tejribelerinden birini gaýtalamak kararyna geldiler we garaşylmadyk açyş etdiler. Bu açyş, meşhur oýlap tapyjy eýýäm şol wagtlar, belki-de özi-de bilmän, tehnologiýalaryň geljegine nazar aýlamagy başarypdyr diýen pikiri döredýär. Raýs uniwersitetinden Lukas Eddiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary 1879-njy ýyldaky kömürturşy sapagy bilen geçirilen tejribäni gaýtadan janlandyrdylar. Emma bu gezek maksat lampa döretmek däl-de, eýsem grafeni — altyburçluk görnüşinde ýerleşen kömürturşy gazynyň iki ölçegli görnüşini almakdy. Şu günki gün kwant fizikasyny, superkompýuterleriň işini we akkumulýatorlary bu elementsiz göz öňüne getirmek hem kyndyr. Edison özüniň ilkinji söwda lampalarynda kömürleşdirilen bambuk süýümlerini ulanypdyr. Şol döwrüň lampalary olary 2300 °C derejä çenli gyzdyrypdyr. Alymlar şeýle lampany bary-ýogy 20 sekuntlap ýakyp goýanlarynda, sapagyň reňkiniň çal reňkden kümüşsöw reňke öwrülendigini geň galmak bilen bellediler. Geçirilen seljerme işleri kömürturşy gazynyň bir böleginiň grafene öwrülendigini görkezdi. Häzirki wagtda turbostatik grafen çylşyrymly enjamlaryň kömegi bilen 2000 °C-den ýokary gyzgynlykda alynýar. Lampa bilen geçirilen tejribe bolsa bu amalyň has ýönekeý we ep-esli arzan bolup biljekdigini subut etdi. Barlagçylaryň çaklamasyna görä, Edisonyň köne lampalarynyň ýörelgelerine esaslanýan tehnologiýalar grafen almagyň we onuň häsiýetlerini özleşdirmegiň usullaryny has gowy ele almaga ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir