Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu işjeňligiň esasy çeşmesi Gündäki koronal deşikler boldy. Olar Günden gelýän "gün şemalynyň" akymlaryny yzygiderli Ýere tarap ugradyp durdular. Ýanwaryň iň güýçli magnit hadysasy 19-21-nji ýanwar aralygynda boldy. Munuň sebäbi 18-nji ýanwarda Gündäki X1.9 synpyna degişli äpet partlamadyr. Bu partlamanyň netijesinde älem giňişligine zyňylan gün plazmasy göni Ýere uruldy we birnäçe günläp dowam eden geomagnit harasadyny döretdi. Fewral aýynyň başynda geomagnit işjeňligi birden peseldi: aýyň birinji hepdesinde diňe bir sany harasat hasaba alyndy. Hatda XXI asyryň iň güýçli gün işjeňligi hasaplanan birnäçe yzygiderli partlamalar hem bu gezek Ýere uly täsirini ýetirmedi. Alymlar Gündäki täze koronal deşikleriň eýýäm emele gelip başlandygyny duýdurýarlar. Bu bolsa ýakyn aýlarda magnit hadysalarynyň sanynyň gaýtadan köpelip, rekord görkezijilere ýetip biljekdigini aňladýar.