Hyundai Elantra modeliniň täze nesli gyşky ýol synaglarynyň dowamynda ilkinji gezek surata düşürildi. 2027-nji model ýyly hökmünde hödürlenjek bu awtoulag, dizaýn taýdan häzirki wersiýasyndan düýpli üýtgeşmeler bilen hemmeleri geň galdyrdy. Synag edilýän nusganyň dizaýny Hyundai-yň soňky wagtlarda ulanýan Santa Fe we Tucson modelleriniň stilini ýatladýar. Ulag has burçly görnüşe geçipdir. Ulagyň üçek çyzygy has göni, yzky sütünleri bolsa has dik görnüşe eýe boldy. Öň tarapda inçe gündizki yşyklar we bamperiň gyrasynda ýerleşen esasy fara bloklary bar. Yz tarapda bolsa kuzowyň tutuş ini boýunça geçýän LED zolagy we dikligine ýerleşen tormoz yşyklary göze ilýär. Ulagyň umumy keşbi has inedördül we durnukly görkezilipdir. Hereketlendirijiler barda resmi maglumat ýok. Heniz resmi häsiýetnamalar aýan edilmese-de, bilermenler binýatlyk model hökmünde 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijä (147 at güýji), has güýçli 1,6 litrlik turbo-motora (190 at güýji töweregi) we tygşytly gibrid wersiýalarynyň hem bolmagyna garaşýarlar. Synag ulagyndaky görünýän gazçykaryş turbalary Hyundai-yň bu modelde içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerinden (ICE) ýüz öwürmändigini tassyklaýar.