11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Çykyşyň dowamynda türkmen tarapy germaniýaly kompaniýalar we maliýe düzümleri bilen köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny belledi. Bu özara gatnaşyklaryň pudaklaryň giň toplumyny öz içine alýandygy we durnukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleri, şeýle hem 2025-nji ýylyň oktýabrynda Frankfurt-na-Maýn şäherinde «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň» guralandygy üçin german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine aýratyn minnetdarlyk bildirildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ulag we logistika, demir ýol düzümini döwrebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny ösdürmek, şeýle-de «Gündogar–Günbatar» tranzit geçelgelerini we Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Orta geçelgäni döretmäge germaniýaly kompaniýalaryň gatnaşmagy bellenildi. Şeýle hem wodorod taslamalaryna we «ýaşyl özgertmelere» esaslanýan energetika, himiýa senagaty, dokma pudagy, oba hojalygy, suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary we emeli aň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Mundan başga-da, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga we saglygy goraýyş babatdaky üstünlikli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy germaniýaly kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir