Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarandygy bellenildi. Döwlet Baştutany Türkiýäniň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň we strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtap, Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň ähmiýetine ýokary baha berdi. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçmek bilen, taraplar Türkiýäniň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeleýändigini we özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny tassyklady. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň maýa goýumlary çekmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ýokary derejä çykarmaga we türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge itergi berjekdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Taraplar doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir