Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar. "Al-Nasr" ýurdumyza Kriştianu Ronaldu we beýleki esasy ýyldyzlary ýok bolan düzümi bilen geldi. Aşgabada gelen düzümiň arasynda diňe bir Ronaldu däl, eýsem klubuň beýleki dünýä belli ýyldyzlary hem ýok: Sadio Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Marselo Brozowiç, Inigo Martines we Gabriel Anželo. «Al-Nasr» toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistana gelendigine şatdygyny belledi. Ol «Arkadag» toparynyň gysga wagtyň içinde uly üstünliklere ýetendigini we çalt hem-de oýlanyşykly futbol oýnaýandygyny belledi. Žezuşyň aýtmagyna görä, toparyň esasy ýyldyzlarynyň gelmezligi Saud Arabystanynyň çempionatynyň we halkara bäsleşikleriň dykyz meýilnamasy bilen baglanyşyklydyr. "Biz öňdebaryjy oýunçylarymyzy gorap saklamaly bolýarys" diýip, tälimçi düşündirdi. «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow bu duşuşygy öz güýçlerini barlamak üçin ajaýyp mümkinçilik diýip atlandyrdy. Toparyň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew bolsa duşuşykda mynasyp netije görkezjekdiklerine ynam bildirdi. Duşuşyk Aşgabatdaky 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýun 18:45-de başlanar.