2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçiriler. Bu abraýly oýlap tapyşlar bäsleşigine Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar. Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän IWISE guramasy tarapyndan guralýan bu çäre dünýäniň müňlerçe zehinli ýaşlaryny robot tehnikasy, STEAM we programmirleme ýaly döwrebap ugurlar boýunça bir ýere jemleýär. Türkmen okuwçylary 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen onlaýn tapgyrda Robot Maze, Line Follower we Mini Sumo ugurlary boýunça altyn, kümüş hem-de bürünç medallary eýeläp, Dubaýdaky finala gatnaşmaga hukuk gazandy. Halkara ýaryşda ýurduň adyndan aşakdaky okuwçylar çykyş eder: Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepden: Rahman Garrygulow we Ebubekir Berdiýew; Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinden: Aýsenem Akmyradowa, Abdyljelil Patyşagulyýew we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew; Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdepden: Saranur Annaýewa, Abdullah Annaýew we Selim Begmyradow; Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdepden: Muhammedkasym Annaýew we Muhammedulemin Annaýew; Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bilalkerem Berdiýew hem-de 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Polat Saparow. Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bu zehinli agzalaryna mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow ýolbaşçylyk eder.