2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B. Kabaýew (Mazary-Şarif şäheri) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklara, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyna, energetika ulgamyna, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara esaslanýan iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine üns berildi. Taraplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän çäreler barada durup geçdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly öňde duran wakalaryň ähmiýeti bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir