2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BSGG bilen işiň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ählumumy saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialoga taýýarlyk görülmegine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady we saglygy goraýyş babatda bilelikdäki başlangyçlary hem-de taslamalary iş ýüzünde ilerletmäge taýýardyklaryny bildirdi.