Meşhur amerikan aýdymçysy Jastin Biber «Bored Ape Yacht Club» (BAYC) kolleksiýasyndan bolan NFT-lere maýa goýup, 1 million dollardan gowrak serişdesini ýitirdi. Bu barada Happy Coin News neşiri habar berýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Bored Ape #3001» atly NFT üçin aýdymçy 500 efirium (ETH) sarp edipdi. Şol wagtky nyrhy boýunça bu takmynan 1,3 million dollara deňdi. Häzirki wagtda bolsa efiriumyň nyrhynyň we bu kolleksiýa bolan islegiň peselmegi sebäpli, şol tokeniň bahasy takmynan 12 660 dollar derejesinde söwdalaşylýar. Aýdymçynyň ýitgileri diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ol «Mutant Ape Yacht Club» seriýasyndan hem iki sany NFT satyn alyp, olar üçin ýüzlerçe müň dollar sarp edipdi. Emma şol tokenleriň hem häzirki bahasy bolup bilse, 3 000 dollar töweregidir. Maglumatlara görä, Biber bu kolleksiýanyň meşhurlygynyň iň ýokary nokadyna ýetmeginden üç aý öň maýa goýupdyr. 2022-nji ýylyň aprelinde bir tokeniň iň pes bahasy 146 ETH-a çykypdy, ýöne soňra bazar birden aşaklap başlady. Netijede, BAYC-iň bahasy 6,1 ETH-a (takmynan 12 660 dollar) çenli peseldi. Bu söwda şol wagt hem kripto-bilermenleriň arasynda geň galma döredipdi. Hatda Dastan kriptowalýuta kompaniýasynyň prezidenti Faroh Sarmad: «Jastine NFT-ni beýle gymmat bahadan satyn almagy maslahat bermek kimiň kellesine geldikä?» diýen soragy-da orta atypdy. Şeýlelikde ol aýdymça 500 efiriuma birnäçe token satmagy hem teklip etdi, emma aýdymçynyň geňeşçileri bu teklibe hiç hili jogap bermediler.