Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi. Tebigy hadysa 9-njy fewralda agşamara Kanto sebtiniň giňişliginde peýda boldy. Ony Tokionyň, Kanagawa prefekturasynyň ýaşaýjylary, şeýle hem meşhur Fudzi dagynyň golaýyndaky sebitleriň ilaty synladylar. Wideoýazgylar dürli ýerlerden, şol sanda Kawasaki şäherinden we Nagano prefekturasyndaky astronomik obserwatoriýadan hem gelip gowuşdy. Hatda Tokionyň mekdepleriniň biriniň astronomiýa gurnagyna gatnaşýan ýokary synp okuwçylary hem asman jisiminiň uçuşyny surata düşürmegi başardylar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ol otly şar atmosferany böwsüp geçen meteor bolmaga çemeli.