Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy. Merkezde Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan gelen 1 116 topar jemlendi. Çärä, umuman, 10 000-den gowrak gatnaşyjy, meýletinçi we tomaşaçy ýygnandy. Dron futboly, köplenç, Garri Potter baradaky kitaplar toplumyndaky «kwiddiç» oýny bilen deňeşdirilýär. Emma bu ýerde sübseleriň deregine — dolandyryş pultlary, toplaryň deregine bolsa — garşydaşyň derwezesinden geçirmeli bolan şar görnüşli dronlar ulanylýar. Munuň üçin takyk koordinirleme, çalt reaksiýa we uçuş enjamlaryny dolandyrmak başarnyklary talap edilýär. Ýaryş olimpiýa ulgamy boýunça geçirildi. Oýunlar irden sagat 8:30-da başlap, agşam 20:00-a çenli dowam etdi. Üç günüň dowamynda ýüzlerçe duşuşyk guraldy. Düzgünleriň berjaý edilmegine we howpsuzlyga 242 sany şahadatnamalaşdyrylan emin gözegçilik etdi.Çempionaty Çendu şäheriniň Halk hökümeti we Hytaýyň aeronawtika jemgyýeti, şäher düzümleriniň hem-de pudaklaýyn hyzmatdaşlaryň goldawy bilen gurnady. Ýaryşa esasan talyplar, ýaş inženerler we tehnologik höwesjeňler gatnaşdy. Duşuşyklary geçirmäge we tehniki goldawy üpjün etmäge uniwersitetleriň 200-den gowrak meýletinçisi kömek berdi. Guramaçylaryň pikiriçe, ýaryşyň rekord derejedäki gerimi dron futbolynyň sport pudagynda täze ugur hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir