Universal Pictures studiýasy Brendan Freýzeriň we Reýçel Waýsyň gatnaşmagynda «Mumiýa» franşizasynyň dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. Habara görä, aktýorlar täze filmde surata düşmek baradaky şertnamalara eýýäm gol çekdiler. Onuň yzysüre Universal-yň sosial torlardaky resmi sahypalarynda Freýzeriň we Waýsyň 1999-njy ýyldaky birinji «Mumiýa» filminiň surata düşüriş meýdançasyndan alnan suratlar we: «Kakam jan bilen ejem jan dolanýar» («Mummy and Daddy are so back») diýen ýazgy peýda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir