ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky doňan kölleriň birinde edil kinodaky dartgynly pursatlary ýatladýan waka bolup geçdi. Stiwens okrugynyň Lun-Leýk kölüniň ýuka buzunyň üstüne münen sugunyň aýaklary taýgançak ýere ýelmeşip galýar. Her hereketden soň beter dowla düşýäm jandaryň soňa-baka kenara çykmaga asla ýagdaýy galmaýar. Ysgynsyz we gorkuly haldaky suguny gören ýerli ýaşaýjy Daniel Poleşuk haýal etmän ýangyn söndüriji gulluga habar berýär. Wakanyň bolan ýerine 1-nji belgili ýangyn söndüriji okrugynyň halas edijileri gelýärler. Olar haýwany gorkuzmazlyk üçin iň seresaply usuly saýlap alýarlar. Halas edijileriň biri Gewin Gallahert götergiç hem tanap alyp, emaý bilen buzuň üstüne çykýar. Emma adamyň golaýlaşmagy suguny has-da beter howsala salýar. Edil şol pursatda hem garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Ýangyn söndüriji haýwanyň göwresine tanap taşlap, götergiji bir gyra goýýar-da, buzuň üstüne geçip, sugun bilen bilelikde ýatyberýär. Şeýdip, Gallahert suguny berk gujaklap, kärdeşlerine özlerini kenara çekmäge mümkinçilik döredýär. Kenardaky ýangyn söndürijiler bolsa buz döwülmez ýaly, tanapy ýuwaşlyk bilen özlerine çekýärler. Bolup geçen wakany wideoýazga düşüren şaýatlaryň aýtmagyna görä, sugun ilki howsalaly sesler çykaryp, urunsa-da, birnäçe sekuntdan soň rahatlanypdyr. Haýwan kenara çykarylandan soň, tiz wagtdan aýaga galýar-da, tokaýa tarap ylgap gidýär. Sugunyň halas edilişi hakyndaky gürrüňler sosial torlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu waka ýangyn söndürijileriň diňe bir adamlary däl, eýsem janly-jandarlary halas etmekde hem hünär ussatlygynyň we rehimdarlygyň ýokary nusgasyny görkezýändiginiň subutnamasy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir