Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebit maksatnamalaryny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T. Atahallyýew we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. Iş maslahatynyň dowamynda sebitleriň ýolbaşçylary güýzlük bugdaýyň ýagdaýy we ýerleri ýazky ekişe taýýarlamak barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda galla ekinlerini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümi üçin ýerleri sürmek, tekizlemek we malalamak, şeýle hem tohum gaznasyny taýýarlamak we tehnikalary abatlamak işleri dowam edýär. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutany hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin agrotehnikanyň kadalarynyň we işleriň geçirilmeli möhletleriniň berk berjaý edilmegini tabşyrdy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada aýratyn görkezme berildi. Şeýle hem, Prezident döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň hilini hem-de tertibini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.