Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyny kabul edýär. Duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýun ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar. Oýnuň göni ýaýlymy «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly görkeziler. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew habar berdi. Onuň sözlerine görä, «geljekki oýna dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa ederler. Duşuşygy görkezmek hukugyny 39 media ulgamy satyn aldy. Stadiondan alnyp görkeziliş 14 kamera arkaly alnyp barylar, ýaýlymyň üpjünçiliginde 220-den gowrak ýokary derejeli hünärmen gatnaşar». Bu barada ol «Arkadag» futbol kluby – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly halkara media forumyndaky çykyşynda belledi. Alnyp görkezilişiň signalyny geçirmek üçin «Türkmen Älemi» we «Eutelsat» emeli hemralaryna ugrukdyrylan iki sany hereket edýän hemra aragatnaşyk stansiýasyndan peýdalanylar. Futbol oýnunyň gidişini teswirlemek işi stadionyň ýörite enjamlaşdyrylan üç kabinasyndan türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylar. Şeýle hem alnyp görkeziliş Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň YouTube resmi kanalynyň üsti bilen elýeterli bolar. Sişenbe güni duşuşykdan öň geçirilen maslahatda toparlaryň oýun lybaslarynyň reňkleri kesgitlenildi. Türkmenistanyň çempiony meýdana ak-gök reňkli lybasda çykar, «Al-Nasr» topary bolsa sary reňkli lybasda oýnar. Duşuşygyň baş emini hökmünde 39 ýaşly bahreýnli emin Ammar Ibrahim Hasan Mahfud bellenildi.