Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady diýip, TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara Gutlag hatyny ýollady. Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesinde Türkiýäniň ýurduň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenilýär. Iki döwletiň kompaniýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar. Prezident Türkmenistanda maýa goýum we daşary söwda hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi. «Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär» — diýlip, Gutlagda bellenilýär. Prezident häzirki serginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 10-12-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir