Görüp oturylsa, bäbekler eýýäm iki aýlyk wagtlarynda janly we jansyz zatlary biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýan ekenler. Munuň şeýledigini beýniniň ösüşiniň we daşky dünýäni işjeň tertipleşdirmegiň öňki çak edilişinden has ir başlanýandygyny görkezýän kognitiw ukyplar baradaky täze barlaglar hem subut edýär diýip, Nature Neuroscience žurnaly habar berýär. Dubliniň Triniti-kollejiniň alymlarynyň geçiren barlagynyň netijeleri köpçülige hödürlenildi. Olar synagyň barşynda 130-dan gowrak bäbegiň funksional magnit-rezonans tomografiýasynyň maglumatlaryny seljerdiler. Bu tehnologiýa gandaky kislorodyň derejesiniň üýtgemegini hasaba alýar we dürli wizual gyzyklandyryjylara beýniniň berýän täsirlerini synlamaga mümkinçilik berýär. Alnan maglumatlar çaganyň beýnisiniň heniz ömrüniň ilkinji aýlarynda ýokary derejede kemala gelýändigine şaýatlyk edýär. Geljekde bu maglumatlar lukmanlara irki ýaşdaky kognitiw ösüşi, şeýle hem durmuşyň soňky tapgyrlarynda ýüze çykýan ruhy bozulmalaryň emele geliş mehanizmlerini has içgin öwrenmäge kömek edip biler.