OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir. Ulgamyň esasy sargytçysy we ulanyjysy hökmünde BAE-niň hökümeti çykyş eder. Ýurduň häkimiýetleri çat-botuň işlemeginiň monarhiýanyň resmi syýasy ugruna laýyk geljekdigine umyt edýärler. Taslamanyň gidişine BAE-niň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi şeýh Tahnun ben Zaid Al Nahaýýanyň ýolbaşçylyk edýän G42 holdingi gözegçilik edýär. Ýerli önümiň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, işläp düzüji ýurduň çäginde ChatGPT-niň ählumumy nusgasyna elýeterliligi hem saklap galar. Onuň funksionallygy diňe soralýan mazmun Emirlikleriň hukuk kadalary tarapyndan gönüden-göni gadagan edilen ýagdaýlarynda çäklendiriler. Şeýle ýagdaýlarda ulgam ulanyjylara soragy ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi barada habar berer. Generatiw modelleri ýerli kanunyýet talaplaryna uýgunlaşdyrmak, olaryň işiniň anyk däl gurluşy sebäpli ýüze çykýan tehniki kynçylyklar bilen baglydyr. Häzirki wagtda taraplar ylalaşygyň ahyrky nokatlaryny goýmagyň üstünde işleýärler.