Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy. Seguru sesleriň takmynan 67%-ini, onuň bäsdeşi bolsa 33%-ini aldy. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda Seguru 31,1% ses bilen birinji ýeri eýeläpdi, Wentura bolsa sesleriň 23,52%-ine eýe bolupdy. Portugaliýanyň prezidenti wezipesine sosialist soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek saýlandy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ýeňijini gutlap, Portugaliýanyň umumy ýewropa gymmatlyklaryna berýän goldawynyň güýçli bolmagynda galýandygyny belledi. Wenturanyň netijesi, liderden ep-esli yza galandygyna garamazdan, 2019-njy ýylda döredilip, eýýäm parlamentde iň uly oppozision güýje öwrülmäge ýetişen partiýanyň taryhyndaky iň gowy görkeziji boldy. Wentura bäsdeşini ýeňşi bilen gutlap, sagçylaryň öz pozisiýalaryny barha güýçlendirýändiklerini we tiz wagtda bu ýurdy dolandyrjakdyklaryny-da mälim etdi. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň öň ýanyndaky kampaniýa Portugaliýada ýanwar aýynyň ahyrynda ýurda weýrançylyk getiren «Kristin» tupanynyň netijelerini aradan aýyrmak işleriniň täsirinde geçdi. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde alty adam wepat bolup, ýüzlerçe müň ýaşaýjy bolsa elektrik üpjünçiliginden mahrum galdy. Wenturanyň saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýasynyň bir ugry migrasiýa syýasatyny berkitmekden ybarat boldy. Seguru, öz gezeginde, migrasiýanyň ykdysady zerurlykdygyny aýtdy we şol bir wagtda bu ulgamda düzgünleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny hem tassyklady. Portugaliýanyň prezidenti bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Bu ýokary wezipede galapyn wekilçilikli wezipeler ýerine ýetirilýär, ýöne Portugaliýanyň prezidentleriniň hökümet baştutanyny bellemäge, kabul edilýän kanunlaryň taslamasyna weto girizmäge we hatda parlamenti dargatmaga-da hukugy bardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir