2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, Kia ABŞ-da jemi 64 502 awtoulag satmagy başardy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% ösüşi aňladýar. Emma brendiň elektrik ulaglary (EV) segmentinde garaşylmadyk pese gaçyş hasaba alyndy. Elektrik modellerine bolan islegiň azalmagy esasy iki modelde has aýdyň göründi: Kia EV6-iň satuwlary 65% peselip, 1542-den 540 sana düşdi; Kia EV9 45% peselme bilen 674 sany satyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, bu peselmäniň esasy sebäbi — gymmat bahaly elektrik ulaglary üçin ozal berilýän 7500 dollarlyk federal salgyt ýeňilliginiň ýatyrylmagydyr. Hatda geçen ýyl EV6 modeliniň täzelenmegi hem bu ýagdaýy halas edip bilmedi. Elektrik ulaglarynyň ýitgisiniň öwezini Kia-nyň däp bolan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modelleri doldurdy. Sportage brendiň iň köp satylýan modeli bolmagynda galýar — 14 000 sany satuw (23% ösüş). Kia Niro-nyň satuwy 163% ösüp, 3170 sany satyldy. Seltos we Carnival, degişlilikde, 85% we 60% ösüş görkezdiler. Şeýle-de, K4/Forte we K5 sedanlary, şonuň ýaly-da flagman Telluride krossoweri durnukly islegden peýdalanmagyny dowam edýärler. Kia America-nyň satuw boýunça wise-prezidenti Erik Uotson ýagdaýa asuda garaýar. Onuň sözlerine görä, Kia-nyň güýji diňe bir ugra däl-de, eýsem elektrik, benzinli we gibrid modelleriniň deňagramly utgaşmasyna daýanýar. Kompaniýa ösüş depginini saklamak üçin 2027-nji model ýylynyň täzelenen Telluride Hybrid wersiýasyny we täze K4 hetçbegini bazara çykarmaga taýýarlanýar.