Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär. Bu bolsa gurluşyň bitewüligini zaýalamazdan, iň çylşyrymly şekilleri döretmäge mümkinçilik berýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu usul adaty önümçilik usullary bilen deňeşdirilende, galyndylary ep-esli azaldýar. Alymlar bu prosesi "gyzgyn simli lazer kebşirlemesi" diýip atlandyrýarlar. Bu usula laýyklykda, lazer şöhlesi gaty splawdan ýasalan taýajygy doly eretmän, ony ýumşadýar we gatlakma-gatlak gurluşy emele getirýär. Gatlaklaryň hilini we sepleşmesini gowulandyrmak üçin olaryň arasyna nikel ergininden ybarat ýuka gatlak goşulýar. Bu usul bilen alnan material özüniň adatdan daşary berkligini (1400 HV-den ýokary) doly saklaýar we hiç hili defektsiz bolup çykýar. Barlagçylaryň pikiriçe, bu täzeçillik ozal 3D printerlerde çap etmek mümkin däl diýlip hasaplanýan örän berk senagat şaýlaryny öndürmäge ýol açar.