YouTube Music striming platformasy tölegli abunasy bolmadyk ulanyjylar üçin täze we düýpli çäklendirmeleri girizip başlady. Indi mugt hasaplaryň eýeleri bir aýyň dowamynda diňe bäş sany aýdymyň doly tekstini görüp bilerler. Bu çäkden geçensoň, aýdymyň tekstiniň diňe başky setirleri görkezilip, galan bölegi bolsa "petiklenýär". Çäklendirme hem mobil goşundy (app), hem-de hyzmatyň web wersiýasy üçin birmeňzeş hereket edýär. Ulanyjy bir aýda altynjy aýdymyň tekstini açmaga synanyşanda, ekranda YouTube Premium-a ýazylmak baradaky bildiriş peýda bolýar. Bu funksiýanyň synaglary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda başlapdy, indi bolsa ähli ulanyjylar üçin doly güýjüne girdi. Bu ädim Google-yň aýdym kontentinden has köp girdeji gazanmak we mugt ulanyjylary tölegli abunaçylara öwürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Belläp geçsek, Spotify hem mundan ozal özüniň mugt tarifinde aýdym sözlerine girişi çäklendiripdi. YouTube Premium abunasy bilen berilýän artykmaçlyklar: Aýdym sözlerine çäksiz giriş; Mahabatsyz diňlemek; Aýdymlary fon režiminde aýtdyrmak; Trekler barada giňişleýin maglumatlar. Analitikleriň pikiriçe, striming platformalarynyň arasyndaky bäsdeşlik güýçlendigiçe, interaktiw funksiýalara şuňa meňzeş "petikleriň" goýulmagy dowam eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir