GAC Toyota zawodynda Pony.ai kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen, L4 derejeli özbaşdak dolandyrylýan (sürüjisiz) ilkinji Platinum 4X awtoulagy önümçilik çykdy. Bu waka iki ägirdiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň synag tapgyryndan köpçülikleýin senagat önümçiligine geçendigini alamatlandyrýar. Pony.ai eýýäm 2026-njy ýylda iri megapolisleriň ýollaryna bu modeliň 1000 sanysyny çykarmagy we gije-gündizleýin gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ulagyň "beýnisi" hökmünde Pekin, Şanhaý, Guançžou we Şençžen ýaly şäherleriň çylşyrymly ýol şertlerinde synagdan geçen, pilotsyz dolandyryşyň ýedinji nesil ulgamy hyzmat edýär. Işläp düzüjiler ulgamyň binýatlyk gurluşynyň howpsuzlygy üpjün etmek üçin köp derejeli ätiýaçlandyryş elementleri bilen enjamlaşdyrylandygyny belleýärler. Täze nesilde ulanylýan datçikleriň we enjamlaryň bahasy öňki wersiýalardan 70% arzan düşýär. Programma üpjünçiligi diňe bir bu model däl, eýsem beýleki awtoulag platformalaryna hem aňsatlyk bilen integrasiýa edilip bilner. Ulanyjylar üçin sesli dolandyryş, Bluetooth arkaly gapylary uzakdan açmak we onlaýn hyzmatlar elýeterli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir