Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp döredildi. Örän inçelik hem nepislik bilen çemeleşilen awtomobil-sagat 1695 sany brilliant bilen bezelpdir. Aksessuaryň yzky çyralarynyň deregine ýakut daşlary goýlan. Sagadyň towlanýan açary bolsa gadymy starteriň dizaýnyny gaýtalaýar. Bahasynyň 650 müň ýewrodygyna we bary-ýogy 15 sanysynyň öndürilendigine garamazdan, bu önüm ýönekeý bir aksessuar däl-de, eýsem, seýrek duş gelýän awtomobiller bilen bir hatarda şahsy kolleksiýalardan orun alyp biljek maýa goýum sungat eseri hökmünde görüljegine şübhe ýok. Mundan başga, brend bu furgon-sagadyň alýumin bilen demirden ýasalan «arzan» görnüşini-de çykardy. Ony 68 müň ýewrodan satyn alyp bolýar.