BMW kompaniýasy özüniň meşhur krossoweriniň ýöriteleşdirilen görnüşini — BMW X5 "Year of the Horse Limited Edition" modeliniň resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu awtoulag gündogar senenamasy boýunça At ýylyna bagyşlanyp taýýarlanyldy. Bu model brendiň Hytaý bazary üçin niýetlenen uly maksatnamasynyň bir bölegidir. 2026-njy ýylyň dowamynda BMW, Mini we BMW Motorrad Hytaýda 20-ä golaý täze we täzelenen modellerini tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle ýörite wersiýalar BMW-niň 3-nji we 5-nji seriýalary, şeýle-de X3 krossoweri üçin hem taýýarlanyldy. Çäkli mukdardaky BMW X5 özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar. Korpusy mat öwüşginli sapfir-gök (Matte Sapphire Blue) reňkinde ýerine ýetirilen. "Iconic Glow" yşyklandyryşly gara radiatoryň gözenegi, gara wyhlop turbalary we 22 dýuýmlyk ýörite diskler ulagyň görküni artdyrýar. Awtoulagyň salony Hytaýyň gadymy medeniýetinden ylham alnyp bezelipdir. Oturgyçlar: gyzyl reňkli (Volcanic Red) "Sensafin" emeli derisi bilen gaplanan. Oturgyçlaryň kellesindäki ýörite keşdeler Hytaýyň taryhy Dunhuan gowaklaryndaky diwar suratlarynda şekillendirilen "mukaddes atlardan" ylham alnyp taýýarlandy. Awtoulaga münülýän ýerdäki altyn çaýylan "At ýyly" ýazgyly nakladkalar ulagyň gymmatyny görkezýär. BMW X5 Year of the Horse iki sany "ýumşak gibrid" (mild-hybrid) güýç desgalary bilen hödürlenýär: 2,0 litrlik hereketlendiriji: 258 at güýji we 3,0 litrlik hatar boýunça ýerleşen motor: 381 at güýji. Iki wersiýa hem 8 basgançakly awtomatiki geçiriji we doly çekiji (xDrive) ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir