Niderlandlaryň Wageningen uniwersitetiniň barlagçylary, professor Ýasper wan der Guhtyň ýolbaşçylygynda, materialyň düýpgöter täze görnüşini oýlap tapdylar we oňa «kompleksimer» diýip at dakdylar. Onuň üýtgeşikligi, öň biri-birine düýbünden çapraz gelýär diýlip hasap edilen häsiýetleri-de özünde jemlemegindedir. Ýokary hilli plastikdäki güýçli durnuklylyga eýe bolan täze maddany adaty aýna ýaly aňsatlyk bilen üfläp, dürli görnüşe salyp hem bolýar. Onýyllyklaryň dowamynda ylymda madda näçe haýal erese we işlemek üçin näçe ýeňil bolsa, netijede ol şonça-da döwülegen bolmaly diýlen düşünjä eýerilip gelindi. Alymlar molekulýar derejedäki baglanyşygyň maksadyny üýtgedip, bu garaýşy ret etmegi başardylar. Şoňa görä, kompleksimer adaty himiki baglanyşyklaryň deregine, fiziki dartylma güýji arkaly saklanýar. Ondaky her molekulýar zynjyryň ýarysy položitel, beýleki ýarysy bolsa otrisatel zarýada eýedir. Netijede molekulalar edil magnit ýaly biri-birine ýapyşýarlar. Şeýle gurluş sebäpli molekulalaryň arasynda has köp boşluk galýar. Bu bolsa materialyň haýran galdyryjy derejede berkligini saklamagyna mümkinçilik berýär. Kompleksimerden ýasalan önüm hatda gaty ýere gaçanda-da döwülmeýär. Mundan başga-da, bu maddy serişde öz-özüni dikeltmek ukybyna hem eýedir. Eger onda jaýryk emele gelse, şol şikeslenen ýeri, meselem, adaty fen bilen gyzdyryp, biri-birine gysmak ýeterlik. Şeýle edilende molekulýar baglanyşyklar şol bada dikelýär.