10 — 13-nji fewral aralygynda türkmenistanly okuwçylar Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän «Central ASIA FIRST Championship 2026» alty STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ) olimpiadasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Bu olimpiada 100-den gowrak döwletden 70 müňden gowrak okuwçynyň bäsleşýän iň uly robot çempionatydyr. Çempionat ilki sebitleýin, 30 döwletde (Merkezi Aziýa tapgyry Gazagystanda) we final tapgyry ABŞ-nyň Huston welaýatynda geçirilýär. Final tapgyryna gatnaşmak üçin sebitleýin geçirilýän tapgyrda 400-den gowrak topardan saýlanan 60 topar bilen bäsleşerler. Türkmenistan bu bäsleşikde ilkinji gezek 2025-nji ýylda gatnaşyp «Halkara üstünlik» atly baýragyny gazanmagy başardy. Bu ýyl hem bu abraýly bäsleşige ýurtdan OguzRobot #28909 belgisi we Erjeller #28930 belgisi bilen iki topar gatnaşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir