Apple kompaniýasy täze iPhone-yň sessiz-üýnsüz çykyşyna taýýarlanýar. Macwelt-iň maglumatlaryna görä, kompaniýa eýýäm 19-njy fewralda diňe metbugat beýanatyny neşir eder we iPhone 17e-niň satuwyna başlar. Bu model «arzan» hatary dowam etdirýär, ýöne käbir aýratynlyklar bar. Smartfonyň diňe bir kamerasy bolup, Apple muňa o diýen ähmiýet bermeýär. Ýöne 17e seriýasynda ilkinji gezek 25 Wt çenli kuwwatly simsiz zarýad beriş bilen MagSafe goldawy peýda bolar. Deňeşdirmek üçin: iPhone 16e-de diňe 7,5 Wt standart Qi ulgamy bardy. Dizaýn babatda hem hiç hili garaşylmadyk täzelik bolmaz: ekranyň ýokarky bölegindäki kamera deşigi saklanyp galar, Dynamic Island bolsa, çeşmeleriň habar bermegine görä, soňrak peýda bolar. Muňa garamazdan, smartfonyň içki gurluşynda ep-esli täzelenmeler bar. Ýaponiýanyň Mac Otakara neşiriniň habar bermegine görä, iPhone 17e täze A19 prosessoryny we C1X modemini — Apple-iň 5G we LTE torlary üçin ikinji nesil hususy çözgüdini alar. Mundan başga-da, smartfon Wi-Fi, Bluetooth we Thread ulgamlaryna jogap berýän N1 çibi bilen üpjün ediler. Ol Wi-Fi 7 we Bluetooth 6 tehnologiýalaryny hem goldap, Personal Hotspot we AirDrop hyzmatlarynyň işini has-da kämilleşdirer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir