Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy. Türgenler döwrebap toplumyň işi bilen tanyşmak üçin Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen gurnaldy. Tanyşlygyň dowamynda okuwçylar Olimpiýa şäherçesiniň muzeýinde bolup, 2017-nji ýylyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmeginiň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Ýaş türgenlere Aziadanyň nyşanlarynyň ähmiýeti, aýratyn-da, türkmen türgenlerini ýeňişlere ruhlandyran we öňdäki halkara futbol ýaryşynyň tumary hökmünde saýlanyp alnan alabaýyň keşbi barada gürrüň berildi. Olimpiýa alawynyň ýakylan ýerini görmek we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän infrastruktura bilen tanyşmak ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gezelenjiň iň gyzykly pursaty Olimpiýa şäherçesinde halkara futbol ýaryşyna taýýarlygyň gidişi bilen tanyşmak boldy. Ýaş türgenler bu ýerde «Arkadag» futbol klubunyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuna garşy geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görşüni synlady. Türgenleşikden soň, «Arkadag» FK-nyň oýunçylary ýaşlar bilen söhbetdeş boldy we olara Gahryman Arkadagyň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny — futbol toplaryny we süýjülikleri gowşurdy. Mekdebiň okuwçylary geljekde Watanyň sport abraýyny has-da belende götermek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir